Yhlas üstünlige ýetirýär

19 Ýanwar 2021
1585

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Talyp türgenlerimiziň ýeňişleri – Arkadagly Watanyň buýsanjy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz maksada okgunlylygyň, yhlasyň we irginsiz zähmetiň uly üstünliklere ýetirýändigini, ýaşlardan uly işlere garaşýandygyny nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlaryna yhlasly okamaga döredilýän mümkinçilikler olary üstünliklere ýetirýär. Munuň şeýledigini ýakynda Diýarymyza gelip gowşan hoş habar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ozalky netijeler jemlenende nätakyklyga ýol berlendigi sebäpli, agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewa itekläp götermekde kümüş medala, silterläp götermekde bolsa bürünç medala mynasyp bolupdy.

Sahyjemal TÄJIÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar