Guwandyran, begendiren hoş habar

19 Ýanwar 2021
1354

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym — sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr!» diýip nygtaýan hem-de ýaşlaryň bu nesihaty berjaý etmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri üpjün edýän Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren eşretli eýýamynda türkmen sportunyň abraýynyň belende göterilýändigi ajaýyp hakykatdyr. Ýurdumyza geçen şenbe güni gelip gowşan hoş habar bu hakykatyň ýene bir ýola aýdyň dabaralanmasy boldy.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýkl Iraniden we bu federasiýanyň baş kätibi Mohamed Jaluddan gelip gowşan hatda 2018-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan Tailand Patyşalygynyň türgeni tarapyndan doping düzgünleriniň bozulandygy we sport kwalifikasiýasyndan mahrum edilendigi sebäpli, Halkara agyr atletika federasiýasynyň kadalaryna laýyklykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagynyň amala aşyrylýandygy barada nygtalyp, şol ýaryşyň häzirki netijeleri boýunça türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň, silterläp götermekde bolsa kümüş medalyň eýesi bolandygy baradaky hoş habaryň aýdylmagy ajaýyp zamanamyzda türkmen sportunyň abraýynyň belentliklere göterilýändiginiň aýdyň nyşany boldy. 2021-nji ýylda agyr atletika boýunça geçiriljek halkara ýaryşynda türkmen türgenine mynasyp bolan medallaryny gowşurmak dabarasynyň geçiriljekdigi hem şol hatda beýan edilýär.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar