Ýeňişler gutly bolsun!

18 Ýanwar 2021
1597

Birnäçe halkara we döwlet derejesindäki ýaryşlaryň, şol sanda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen tennis boýunça Türkmenistanyň açyk çempionatynyň ýeňijisi, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň göreldeli okuwçysy Bahar Toýmyradowany tennis janköýerleri gowy tanaýarlar. Sportuň özüneçekiji dünýäsine körpelikden göwün beren Baharyň üstünliklerine žurnalyň okyjylary hem 2014-nji ýyldan bäri belet. Ýedi ýyla golaý mundan öň, Malaýziýanyň Selangor, Perlis we Pinang ştatlarynda geçirilen halkara tennis ýaryşlarynda tennisiň ýekelikde oýnalýan görnüşi boýunça ilkinji uly ýeňişlerini we medallaryny gazandy. Şondan bäri döwlet derejesindäki ýaryşlardan başga-da, Türkiýe, Taýland, Şri-Lanka, Täze Zelandiýa, Gyrgyzystan, Özbegistan ýaly döwletlerde geçirilen halkara tennis ýaryşlarynda adyny tanadan türgenimiz bu gün öz janköýerlerini täze-täze üstünlikleri bilen begendirýär.

Leýlihan MAKSATMÄMMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar