«Ogar-ogar» oýny

18 Ýanwar 2021
1961

Köpçülik bolup oýun oýnamak boş wagtyňa many gatýar, kyn pursatlarda çykalga tapmagy öwredýär, akyl-paýhasyňy, güýjüňi artdyrýar, daşarky täsirlere duýgurlygyňy çaltlandyrýar. Oýunlar hereketiň adama mahsus bolan özbaşdak görnüşi bolup, jemgyýetiň ösüş taryhynyň dowamynda ýyldan-ýyla kämilleşip gelýär. Şeýle oýunlaryň biri hem «Ogar-ogar» oýnudyr.

Bu oýun hereketli oýunlaryň hataryna girmek bilen, 7-10 ýaşly çagalaryň arasynda oýnalýar. Bu oýunda oýunçylaryň sany on, on bäş, ýigrimi töwerek bolmaly. Oýunçylaryň içinden «goýun» we «möjek» saýlanylýar. Munuň üçin çagalaryň içinden iň ekabyrragy, dogumlysy saýlanýar. Galan oýunçylaryň hemmesi «goýun» bolýar. Goýunlar biri-biriniň guşagyndan (arka tarapyndan) tutup, çopanyň arkasynda hatara durýarlar. Ýagny hatara duranlaryň iň öňünde durany çopan bolýar, hatar bolsa goýun sürüsi. Çopanyň öňünde durup, yzyndaky goýunlary aljak bolup garawullaýan bolsa möjekdir.

Aýna GURBANGULYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar