Ildeşimiz dünýä çempiony!

18 Ýanwar 2021
1521

Türgenlerimiziň iri halkara ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr. Şol ýaryşlarda talyp ýaşlarymyzyň dürli derejedäki sylaglara, şol sanda altyn medallara mynasyp bolmagy aýratyn buýsançlydyr. Ine, hut şular dogrusynda golaýda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda geçirilen hoşallyk maslahatynda giňişleýin gürrüň edildi.

Bilşimiz ýaly, agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda gazanan görkezijileri-de munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Ozal netijeleri jemlenende, nätakyklyga ýol berlen ýaryşlaryň jemleri boýunça türgen gyzymyz itekläp götermekde kümüş medalyň we silterläp götermekde bürünç medalyň eýesi bolupdy. Şonda şaýatlara mälim bolşy ýaly, Ýulduz altyn medala tarap ynamly gadam urupdy. Ýöne ýaryş ýaryş bolýar...

Maksatmuhammet ORAZDURDYÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar