Ähmiýetli taslamalar — rowaçlygyň nyşany

18 Ýanwar 2021
1361

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen giň gerimli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şol taslamalary amala aşyrmaga goňşy döwletleriň, daşary ýurtlaryň abraýly kompaniýalarynyň gatnaşmagy bolsa olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda guralan brifing möhüm düzümleýin desgalaryň üçüsiniň — Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň, Akina — Andhoý beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň, şeýle hem iki ugur — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) ugurlary boýunça halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň we üstaşyr geçelgeleriniň işe girizilmegine bagyşlandy.

Beýleki habarlar