Talyp türgenimiziň üstünligi

18 Ýanwar 2021
1660

Ýakynda Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar mynasybetli Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we Jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Talyp türgenlerimiziň ýeňişleri — Arkadagly Watanymyzyň buýsanjy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlara okamaga, zähmet çekmäge, şol sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler ýaşlygyna garamazdan, özüni ussat agyr atletikaçy hökmünde ykrar etdirmegi başaran Ýulduz Jumabaýewanyň türkmen sportuny ösdürmäge goşýan şahsy goşantlary barada gürrüň etdiler. Biz dabaranyň dowamynda dünýä çempiony diýen hormatly ada mynasyp bolan ussat türgen Ýulduz Jumabaýewa bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol:

Döwlet HEŞDEKOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.
Beýleki habarlar