Sazlaşykly ýaşaýyş ýörelgesi

18 Ýanwar 2021
1901

Ekoabadançylygy üpjün etmek meselesi taryha giren geçen ýyla mahsus bolan ajaýyp sypatlaryň biri hökmünde ýadymyzda galdy. Ildeşlerimizde daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata aýawly garaýşyň kemala gelmegi, agaç nahallaryny oturdyp, tebigy baýlyklarymyzy köpeltmäge şahsy goşant goşmaga ymtylýanlaryň sanynyň artmagy ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaşmak boýunça ýörelgeleriniň has dabaralanýandygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşky gurşawy, tebigatymyzy goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, biologiki dürlüligi baýlaşdyrmak boýunça geçen ýylda giň möçberli işler amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmek, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmak hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitlerinde çölleşmäniň garşysyna göreşmek boýunça öňde goýýan wezipeleri geçen ýylda üstünlikli durmuşa geçirildi.

Göwher JUMAKULYVEWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar