Dil öwrenmek — döwrebap ugur

17 Ýanwar 2021
1866

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ýokary derejede ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde, sanly bilim ulgamyny has-da täze derejelere çykarmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem bu ugurda dil öwretmek, dünýä dillerini bilýän ýaşlary ýetişdirmek ýaly asylly işler hem ýola goýuldy. Bu babatda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Häzir jemgyýetiň ösýän zerurlyklaryna laýyklykda, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet esaslary döwrebaplaşdyryldy. “Biz dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklara ähmiýet bermek bilen, adamzat mirasynyň dürdäneleriniň ynsanperwer pikirli islendik halk üçinem derwaýysdygyny nazara alýarys. Dünýä halklary, ýurtlary we iri halkara guramalary bilen döwletimiziň hyzmatdaşlyk etmeginiň düýp manysy asuda durmuşyň kemala gelmegini gazanmakdan ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti barada belleýär. Ýurdumyzyň halkara ylym-bilim, medeni, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary parahatçylygy has-da ösdürmek, durnukly ösüşi ýola goýmak ýaly ugurlarda işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň halkara parahatçylygyny we durnuklylygyny berkitmäge, daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin edýän tagallalary oňat netijelere getirýär. Bu bolsa ata-babalarymyzdan gelýän ynsanperwerlik, parahatçylyk, agzybirlik ýaly milli ýörelgelerimiziň üstünlikli dowam etdirilýändigini tassyklaýar.

Gülsere ALLABERDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar