Owgan ýaşlary: «Bagt paýlaýan goňşymyz»

17 Ýanwar 2021
1454

Bize ilkibada olary öz ilimiziň ýigitlerinden tapawutlandyrmak gaty müşgil boldy. Diňe ady we familiýasy tutulanda, olaryň Owganystan Yslam Respublikasyndan okamaga gelendiklerini bilip galdyk. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, dostlukly goňşy Owganystan Yslam Respublikasyndan gelip, Bitarap Watanymyzyň bilim ojaklarynda ýokary bilim alýan owgan ýaşlarynyň ýürek buýsanjy, milli Liderimize bolan hoşallygy juda uly. Aslynda, ynsan bir zada begenende, şatlygyny paýlaşmaga höwesek bolýar. Hawa, bu günler Türkmen oba hojalyk institutynda bilim alýan owganystanly ýaşlaryň köňül kelamyny diňläniňde, muňa ýene bir gezek göz ýetirýärsiň.

Bu talyp ýaşlar golaýda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň ulanylmaga berilmeginden özlerini diýseň bagtyýar saýýarlar. Biz hem Türkmen oba hojalyk institutynda okap, bilim alýan owganystanly talyplaryň bu taryhy wakalar babatda birnäçesiniň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik.

Çykyşlary taýýarlan Meýlis BALLYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar