Nusgalyk ýol

17 Ýanwar 2021
1512

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Şonuň esasynda häzirki wagtda ýurdumyz dünýä we sebit derejesinde iri sport ýaryşlarynyň merkezine öwrüldi. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Welotrek boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny — «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek baradaky ýörite Kararnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde, olimpiýa gymmatlyklaryny wagyz etmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigiň tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Birleşen Milletler Guramasy bu möhüm resminamany kabul etmek bilen, halkara bileleşigiň welosiped sportunyň ähmiýetini wagyz etmegiň wajypdygyny hem-de adamyň beden we ruhy taýdan ösüşiniň möhüm serişdesi hökmünde uzak aralyga welosiped ýörişlerini geçirmegiň zerurdygyny ykrar edýändigini hem-de ýakyndan goldaw berýändigini tassyklady.

Saparmyrat SAPARMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar