Özgertmeler durnukly ösüşiň kuwwatly binýadydyr

16 Ýanwar 2021
1682

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy.

Häkimler, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli sebitlere gözegçilik edýän orunbasarlary milli Liderimize häzirki döwürde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde 2021-nji ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede alnyp barylýandygy habar berildi.

Beýleki habarlar