Eziz Diýar täze sepgitleri nazarlaýar

15 Ýanwar 2021
1831

13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň bilim ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly wezipelere hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Maslahatda häzirki döwürde ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg edilişi, şol birwagtyň özünde ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berildi. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda meýilleşdirilen ähli işleriň guramaçylykly geçirilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýerlerde alnyp barylýan oba hojalyk işleri baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem ýaz ekişine taýýarlykly girişmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny belledi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar