Türkmen-owgan dostlugynyň aýdyň nyşany

15 Ýanwar 2021
1415

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynda dünýäniň ähli ýurtlary, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Iň ýakyn goňşymyz bolan Owganystan Yslam Respublikasy bilen doganlyk gatnaşyklarymyz hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen Owganystanyň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalaryň ençemesi üstünlikli amala aşyryldy. Öňňin Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralaryň bolmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar