Berkararlyk nurundan ylham alýar, Aşgabat

15 Ýanwar 2021
1795

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu günki gün eziz Diýarymyzda we gözel paýtagtymyzda halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzda dürli maksatly ajaýyp binalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň sany yzygiderli artýar. Bu binalar şäher gözelligine gözellik goşmak bilen, ençeme maşgalalary täze jaýlara eýe edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda giňden bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli dürli binalary, ýaşaýyş jaý toplumlaryny açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilen ençeme binalaryň açylyş dabaralary halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Muňa mysal edip hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan medeni-durmuş maksatly iri desgalar toplumynyň, ýagny, 12 gatly, 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-synyň hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-usynyň açylyp ulanylmaga berilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde «Türkmen alabaýy» binasynyň, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň, çagalar oýun meýdançalarynyň gurulmagy daş-töwereginiň ajaýyp güller, agaçlar bilen bezelmegi bu künjegiň gözelligini has-da artdyrdy.

Paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Çoganly şäherçesinde bina edilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi mähriban Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzünde amal edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Dursun HOJATOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar