Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy

15 Ýanwar 2021
2667

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda agzybir halkymyz 2021-nji ýyly ýokary ruhubelentlige besläp garşy almagyň hem-de «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip atlandyrylan şanly ýylymyza belent maksatlar, nesiller aşyp gelen ynsanperwer ýörelgeler, hoşniýetli ak arzuwlar, bedew batly okgunly ösüşler bilen gadam basmagyň badalgasy bagtyýar halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bu taryhy waka mynasybetli 2021-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň we döredijilik, medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň barşynda Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilmegi, dünýä jemgyýetçiligine halkara parahatçylyk we ynanyşmak paýhasyny eçilen, döwrümize şöhraty-şany, halkymyza baky bagtyýarlygy peşgeş beren, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da ösdürilmegi ugrundaky çäksiz goldaw-hemaýatlary edýän milli Liderimize alkyşlar aýdyldy.

Tutuş adamzat nesliniň bagtyýar durmuşynyň bähbidine beýik tagallalary bagyş edýän hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmäge, habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmäge bagyşlanan iş maslahatyny geçirip, ulgamyň öňünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy uludan bellenilýän 2021-nji ýylda öňde durýan belent maksatly wezipeleri goýdy. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň taryhy özgerişlerini başdan geçirýän merdana watandaşlarymyzy, hususan-da, medeniýet toplumynyň işgärleriniň köňül şatlygyny joşduryp, has döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklarynyň her biri döredijilik, medeniýet we sungat ussatlary üçin nusgalyk ýol-ýörelge, geljekki döredijilikli işlerimiziň aýdyň maksatnamasy bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrýar, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär.

Aknabat KLYÇEWA,
«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň Paýhas synagy bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar