Döwrebap ekologiýa kanunçylygy — ösüşiň möhüm şerti

14 Ýanwar 2021
2236

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylyk halkara ekologiýa kadalary bilen sazlaşykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi, daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almagyň, azyk önümleriniň we howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň häzirki zaman şertlerinde derwaýys wezipeleriň hatarynda durýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ekologiýa jähetleriniň ähmiýeti döwlet Baştutanymyzyň ählumumy hem-de sebitleýin çäklerde daşky gurşawy goramak babatda öňe süren öňdengörüjilikli başlangyçlarynda aýdyň şöhlelenýär. Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda ýaş nesillerde daşky gurşawa aýawly garamagyň, tebigata bolan söýgini kemala getirmegiň wagyz-nesihat, guramaçylyk çäreleri asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa, tebigat bilen gönüden-göni özara gatnaşykda bolmagymyz, her bir adamyň tebigata aýawly çemeleşmegiň, ondan rejeli peýdalanmagyň ahlak we hukuk borçlaryna bolan jogapkärçiligini pugtalandyrýar.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar