Peder-perzent mekdebi

14 Ýanwar 2021
3165

Hormatly Prezidentimiz täze ýylyň öň ýanyndaky dynç güni agtygy Kerim bilen dag eteklerine gezelenje çykdy. Kyrkçilläniň tozgalap ýagan gary eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini, dag eteklerini, ýaýylyp ýatan giň sähralary aklyga büredi. Kyrkçilläniň bereketli gary türkmen topragynyň sahawatly boljakdygyny buşlaýar. Ene toprak bilen bagry badaşan zehinli babadaýhanlarymyz siňňin ýagan ýagynyň toprak üçin melhemdigini hem-de geljekde ak-gök ekinleriň hasylynyň bol boljakdygyny aňladýandygyny aýdýarlar.

Milli Liderimiz dynç günlerinde sport bilen meşgullanmagy, dag eteklerine çykyp, tebigatyň ajaýyplyklaryny synlamagy we gezelenç etmegi adaty endigine öwürdi. Ine, bu gün hem Arkadag Prezidentimiz şu ýörelgä eýerip, agtygy Kerim bilen paýtagtymyzyň günorta künjegine çykdy. Döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň ajaýyp künjeklerinde gezelenç edip, dag etekleri bilen Asma ýoluň başlanýan ýerine tarap ugradylar.

Beýleki habarlar