Arkadagyň ýaşlar syýasaty: ynamy ödemek — borjumyz

13 Ýanwar 2021
1314

«Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň» diýen ýörgünli jümlede ýaşlara, röwşen geljegiň rowaçlygyna bolan ynam-umyt äşgär görünýär. Hormatly Prezidentimiz bu jümleleri has berkidip: «Ýaşlar biziň geljegimizdir» diýýär, olary Watanymyzyň güýç-kuwwatyna, abraý-mertebesine deňeýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilen täze ýylyň ilkinji günlerinde, Ministrler Kabinetiniň 8-nji ýanwarda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanmagy ýaşlara, ýaşlar syýasaty bilen bagly meselä döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň nyşany boldy.

Maglumatlardan görnüşi ýaly, islendik ýurduň geljegini ýaşlar kesgitleýär, şoňa görä-de, döwletleriň aglabasynda ýaşlar syýasaty maýa goýumlaryň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar. Bu bolsa, öňi bilen, geljekde durnukly jemgyýeti kemala getirmekde ýaşlara möhüm ornuň degişlidigi bilen baglanyşyklydyr. XXI asyrda Ýer ýüzüniň ilatynyň aglaba köplügini ýaşlar düzýär. Meselem, diňe Aziýa — Ýuwaş umman sebitine we Merkezi Aziýa ýurtlaryna dünýäniň ýaş ilatynyň 60 göterimden gowragy degişli. Ýaşlar diňe bir san taýdan agdyklygy üçin däl, eýsem, häzirki zaman tehnologiýalara erk edip, önümçilik işlerini dolandyrmakda-da uly güýje eýedir. Ine, hut şu we beýleki käbir görkezijiler hem soňky ýyllarda ýaşlar syýasatyna maýa goýumlary has işjeň çekmäge zerurlygy orta çykardy. Ýaşlaryň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen syýasatyň, öz gezeginde, ýurduň ykdysady ösüşini üpjün etmäge-de görnetin goşant goşýandygyny dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesi doly subut edýär. Şunuň bilen baglylykda, geljege uly maýa goýum hökmünde ýaşlar syýasaty bilen bagly strategik maksatnamalardyr iri döwlet taslamalary işlenip taýýarlanylýar we durmuşa geçirilýär.

Aýgül RAHYMOWA,
«Nesil».
Beýleki habarlar