Hyzmatdaşlyk berkidilýär

13 Ýanwar 2021
1613

Öňňin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara maliýe we ykdysady düzümler, şol sanda ÝTÖB bilen gatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini bellediler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Beýleki habarlar