Belent maksatlary nazarlap

13 Ýanwar 2021
2032

Merdana hem agzybir, döwletli hem bagtyýar halkymyz dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň daşyna pugta jebisleşip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir ajaýyp ýylyny, täze — 2021-nji ýyly uly joşgun, bagtyýarlyk, aýdyň geljege mizemez ynam bilen garşylady.

Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýyla ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär. Bellemeli ýagdaýlaryň biri-de, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köpsanly teklipler nazara alnyp öňe sürüldi. Şeýle-de onuň manysy milli Liderimiziň dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy saklamak we pugtalandyrmak hem-de durnukly ösüş maksatlaryna üstünlikli ýetmek bilen baglanyşykly belent maksatlary nazarlaýan umumadamzat bähbitli öňe süren teklibi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde tutuş dünýäde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden Kararnamasyna gabat gelýär. Munuň özi, mähriban Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar