Döwrüň beýik nusgasydyr bu binalar, bu binalar

13 Ýanwar 2021
2551

Sähel wagtyň dowamynda täze bir şäheriň döremegi akylyňy haýrana goýýan hakykat! Bu hakykatyň durmuş ýüzünde dabaralanmasynyň aňyrsynda neneňsi aladadyr zähmetiň ýatandygy dogrusynda oýlanan pursadyňda, dogrudan-da, dünýäňi haýran galmak duýgusy gurşap alýar. Bu babatda, bu taslamada — Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynda gije diýmän, gündiz diýmän zähmet çekilendigini görmek bolýar. Şonuň ýaly-da, ol ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlydygyndan we özümizde-de täze ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň, gurluşykçylaryň kemala gelendiginden habar berýär. Eliňdäki eliň aýasy ýaly dolandyryş enjamyny basýaň welin, ol seniň özüňe derek ähli zadyňy edip berip dur. Onsoň, muňa nädip haýran galmajak?! Ýadyňyza salyp görüň! «Gapyny ýapdymmykam, yşyklary öçürdimmikäm, telewizor öçürildimikä?..» diýen ýaly pikirler bilen uzakly günümizi aladaly ýagdaýda geçirmeli bolýan wagtymyz az bolmaýardy. Has gowy ýeri, öýdäki ähli enjamlaryň sanly ulgama birikdirilendigi şol aladalaryň ählisini aradan aýyrýar. Şeýle öýleriň birinde bolanymyzda öý eýesiniň şeýle enjamyň üsti bilen diňe penjiräniň perdelerini açyp-ýapyp görkezmeginiň özem ähli zady aýyl-saýyl etdi. Şeýdip ähli amatlyklary bolan öýüň içindäki tehnikalary sanly ulgamyň hyzmatyndan peýdalanyp ulanmagyň wagtyňy tygşytlamaga hem uly ýardam berjekdigi görnüp dur. Bu zatlaryň ählisi ýüregiňde buýsanç duýgusyny oýarýar. Zybanyňa şeýle goşgy setirlerini getirýär:

Aşgabadym, bagtly günler seň goýnuňda başlanar,
Ýüregmizem «Seni juda söýýän!» diýip seslener,
Toý donuny geýip bu gün baky bagta beslenen,
Arkadagly Watanymyň ýüregidir Aşgabat,

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar