Energetika pudagynyň gadamlary

13 Ýanwar 2021
1548

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, deňhukuklylyk ýörelgelerine eýerýän daşary syýasatynyň netijesinde Türkmenistan, dünýäniň beýleki döwletleri bilen bir hatarda, ýakyn goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary barha giňeldýär. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleri Türkmenistan bilen elektrik energetikasy pudagy babatynda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi öňe sürlüp, olaryň aglabasy bu pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen ykdysady kuwwatymyzy artdyrmaga gönükdirilýär. Türkmenistan döwletimiz energetika ulgamynda däbe öwrülen strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklamak bilen birlikde Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlarynda göni energetika gatnaşyklaryny barha giňeldýär.

Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň tygşytly ulanylmagy hem-de önümçilikde maddy çykdajylaryň azaldylmagy häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu maksatnamalaýyn wezipeler göz öňünde tutulyp, ýurdumyzda “Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” kabul edildi. Türkmenistan elektroenergetika düzümleriniň barha artýan isleglerini, şeýle hem dünýä bazarynda energiýa serişdelerine islegleri hasaba almak bilen, döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär. Bu meseleleriň oňyn çözülmegi ýurdumyzyň toplumlaýyn senagatlaşdyrylmagyna, halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümçilikleriň möçberiniň artdyrylmagyna, netijede, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Döwlet Baştutanymyz energetika pudagynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny yzygiderli nygtaýar.

Beýleki habarlar