Parahat ertirimiziň kepili

13 Ýanwar 2021
2041

Belent sepgitlere, taryhy wakalara beslenen Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky geçen — 2020-nji ýyly uly zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrdy. Geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň uly toýunyň dabarasy dag aşdy. Şeýle ýeňişleriň gazanylmagynda türkmen ýaşlarynyň saldamly goşantlarynam ýatlamak ýakymlydyr.

Türkmen halky milli Liderimiziň başlangyjy bilen “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyla uly ynam, ýokary ruhubelentlik bilen gadam basdy. Bilşimiz ýaly, ajap eýýamymyzyň ýyllary özüne mahsus ada mynasyp bolmak bilen, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ösüş-özgerişli ýoluny, il-günümiziň bagtyýarlygyny, watançylyk ruhuny şöhlelendirýär. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden türkmen halky täze ýyly uly üstünlikler bilen şöhratlandyrmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýär. Şeýle uly tagallalarda welaýat merkezimiziň ýaşlarynyň hem mynasyp goşantlarynyň bardygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Şu ýeňişli ýolumyz bolsa, parahat, abadan ertirimize barýan ýoldur.

Beýleki habarlar