Berkararlygyň synmaz sütünleri

13 Ýanwar 2021
2068

Milli Liderimiziň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen diplomatiýasynyň gazanan uly üstünligi boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we halkymyzyň islegi bilen bu ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralanýar.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra parahatçylykly durmuşy üpjün etmek üçin daşary syýasatda hoşniýetli bitaraplygy esasy ugur-ýol hökmünde saýlap aldy. Bu ýolda döwletimiziň yglan eden «Açyk gapylar» syýasaty möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu syýasatyň özeninde ata-babalarymyzyň ähli halklar bilen agzybirlikde ýaşamaga, arkalaşykly hereket etmäge esaslanýan milli häsiýeti durandyr.

Ogulbaýram MELÄÝEWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň jemgyýetçilik bilimleri bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar