Gözelligiň goragy — ynsanperwerligiň belent nusgasy

12 Ýanwar 2021
2028

Türkmenistan döwletimiziň tebigatynyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak we geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysady we durmuş ulgamyndaky giň möçberli milli özgertmeleriň ählisi raýatlarymyzyň abadançylygynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa ulgamy bilen berk baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalary netijesinde, döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen resminamalaryň ençemesi kabul edildi. Olar ýurdumyzda ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek babatda ýerine ýetirilen anyk işlerdir. Mukaddes Watanymyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meselelerine sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, ekologiýa maglumatlaryň ilata elýeterli bolmagyny üpjün etmek meseleleri hem hukuk taýdan berkidilýär.

Merjen ALLAMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar