Gülläp ösüşiň mekany

12 Ýanwar 2021
2013

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ata Watanymyz gadamlaryny has-da batlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyza mahsus bolan ruhy gymmatlyklara, oňyn ýörelgelere esaslanýan hoşniýetli içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň ygtybarly kepili bolup durýar. Giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi.

Mähriban Watanymyz dünýäde dost-doganlygyň, rowaçlygyň ýurdy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde «2021-nji ýyly — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, pähim-paýhasa ýugrulan syýasaty netijesinde, Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda, Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde ýerleşen Türkmenistan soňky onýyllykda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň täze netijeli ýollaryny we ugurlaryny ösdürmek babatda gymmatly tejribeleri toplady.

Agajan HUDAÝBERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar