Parahatçylyk we ynanyşmak taglymy milli Liderimiziň paýhasy bolup Zemine nur saçýar

11 Ýanwar 2021
1290

Bitarap Watanymyzyň daşary syýasaty hakda gürrüň gozgalanda, «Daşary syýasat içerden başlanýar» diýen jümläni ýygy-ýygydan ulanýarys. Täze, 2021-nji ýylyň şygarynyň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy babatda-da şu jümläni ulansak, ýerlikli bolar. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan ýurdumyzyň daşary syýasaty we onuň ileri tutýan wezipeleri içeri syýasatymyzdan, halkymyzyň asyrlarboýy ýol-ýörelge edinen ynsanperwer häsiýetlerinden gözbaş alýar. Özi-de olar biri-biriniň üstüni ýetirip, özboluşly sazlaşýar. 2021-nji ýylyň dünýä derejesinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem-de ýylyň milli derejedäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atlandyrylan şygary munuň şeýledigini ýene bir ýola aýan edýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy, Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen yglan edilen 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary hakda söhbet edilende, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama aýratyn üns çekilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjynyň öz wagtynda hem-de öňdengörüjilik bilen öňe sürlendigini ilkinji nobatda aýtmak gerek. Aslynda, adamzat döräli bäri parahatçylyk iň arzyly gymmatlyk hasaplanýar. Taryhyň gatlaryna ser salsak, bu ähli döwürlerde-de şeýle bolupdy we şeýle bolmagynda-da galar. Geçmişde beýikden-beýik döwletleri gurup, arşa-kürse hökümini ýöreden adamzat milliardlarça ýyl bäri kän-kän açyşlar etdi, öwezini dolup bolmaýan ençeme uruşlary başdan geçirdi, ahyrsoňunda ylalaşyga, ýaraşyga gelmek bilen, ýene-de Zeminde abadan-asuda ýaşaýyş berkarar edildi. Indi adamzat üçünji müňýyllykda — kosmiki açyşlardyr tehnologik ösüşleriň eýýamynda, barha we barha globallaşýan dünýäde ýaşaýar. Häzirki döwrüň ösüş-özgerişleri we gazananlary dogrusynda yzyny üzmän gürrüň edeniňde-de, onuň badyna deňleşip bolmajagy öz-özünden düşnükli. Ýöne ýodalaryň gelip-gelip ýollara birigişi ýaly, şol gürrüňi edilýänleriň ählisiniňem ahyrynda bir sözde jemlenip, wysal bolýandygy jedelsiz hakykat. Ähli ösüşleriň gözbaşy — parahatçylykda! Parahatçylyk Zeminde sazlaşygy üpjün edýär. Sazlaşyk bolsa abatlyk-abadanlykdyr, rowaçlykdyr, gülläp ösüşdir.

Artykguly HOJABERDIÝEW,
«Nesil».
Beýleki habarlar