Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň hatyrasyna sebit gatnaşyklary

11 Ýanwar 2021
1727

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary, bimöçber aladalary, oýlanyşykly başlangyçlary bilen, ýurdumyzyň abraýy has-da belende galar. Türkmenistan daşary syýasatyň esasy ugurlary bolan ulag-aragatnaşykda, medeni-ynsanperwer ugurda, saglygy goraýyş ulgamynda, ekologiýada uly üstünlikleri gazanýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň abraýly guramalarynyň derejesinde öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar.

Häzirki wagtda Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen, dünýäde howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berip, bar bolan howplara we wehimlere garşy netijeli göreşmegiň ýollaryny işläp düzmäge goňşy döwletleriň hem-de halkara bileleşiginiň giňden gatnaşmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň, täze wehimlere hem-de howplara garşy göreşmegiň wezipelerini durmuşa geçirmekde öňüni alyş diplomatiýasyna uly ähmiýet berýär. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Türkmenistan sebit meseleleriniň dürli jähetlerine bu düzümiň has işjeň çekilmegine ýykgyn edýär, şeýle hem halkara terrorçylygy, adam söwdasy, neşe serişdeleriniň we ýaraglaryň bikanun dolanyşygy ýaly derwaýys meseleleriň çözgüdini tapmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketlere işjeň gatnaşýar. Merkezi Aziýanyň parahatçylygyna we durnuklylygyna wehim salýan häzirki we geljekde ýüze çykyp biljek howplara garşy seslenmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmekde sebitiň döwletlerine kömek bermek, şeýle hem ýurtlaryň hökümetleriniň halkara guramalar we beýleki hyzmatdaşlar bilen howpsuzlyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyny berkitmek merkeziň esasy wezipeleriniň hataryna girýär.

Çynar RÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.
Beýleki habarlar