Döwrebap özgertmeler — halkyň bähbidine

11 Ýanwar 2021
1572

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Şol sanda bank ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça wajyp işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky hem özüniň döwrebap bank hyzmatlary bilen şol alnyp barylýan işlere öz saldamly goşandyny goşup gelýär. Ýaňy-ýakynda bankyň taryhynda örän möhüm waka bolup geçdi, ýagny «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» görkezilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolan Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankyna öwürmek barada Karara gol çekdi.

Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW,
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Maliýe ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar