Döwür we sanly tehnologiýalar

11 Ýanwar 2021
1759

Häzirki wagtda ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Kararyny durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň çäginde ykdysady toplumyň edaralary tarapyndan pudaklaýyn web-saýtlary döretmek we müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek, öndürilýän, ýerlenilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly geçirmek göz öňünde tutulýar.

Pudaklaýyn web-saýtlary döretmek we müşderilere menzilara hyzmatlary hödürlemek meseleleri, esasan, dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň ählumumy globallaşmagy şertlerinde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki zaman ykdysadyýetinde maliýe ulgamy adamyň durmuşynyň ähli taraplaryny gurşap almak bilen, aýgytlaýjy orun eýeleýär. Bu ösen ýurtlarda ilata menzilara hyzmatlary hödürlemek, öndürilýän, ýerlenilýän önümlere elektron görnüşde salgyt salmak, tölegleri milli bank kartlarynyň üsti bilen sanly ulgam arkaly geçirmek süýşürintgileriň esasy böleginiň maýa goýum işlerine çekilmegi bilen alamatlandyrylýar. Häzirki zaman internet tory bu işe iň bir uzak sebitleriň, ýurtlaryň we yklymlaryň ýaşaýjylaryny çekmäge uly mümkinçilik döredýär. Dünýä ykdysadyýeti maliýe bazarlary bilen birleşdirilen global giňişlige barha öwrülip barýar. Dünýä bazarlarynda teklip edilýän maliýe önümleriniň we hyzmatlaryň geriminiň giňemegi sarp edijilerden ýörite bilimdir tejribe talap edýär. Bu ýagdaý maýadarlaryň bähbitlerini goramakda has wajypdyr.

Bazargeldi BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň gözegçilik-derňew bölüminiň baş derňewçisi.
Beýleki habarlar