Tebigaty goramak — parz

11 Ýanwar 2021
2142

Senagat taýdan ösen häzirki zaman dünýäsinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, ilkinji nobatda, daşky gurşaw bilen adamzat ýaşaýşynyň sazlaşygyny gazanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly gaýragoýulmasyz wezipeleri çözmek wajyp bolup durýar. Şunda tebigy we içki täsirleriň netijesinde ýüze çykýan dürli ekologiýa ýagdaýlarynyň öňüni almakda halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmek, onuň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, süýji suwa mätäçlik babatdaky kynçylyklaryň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işler häzirki zaman adamzat ýaşaýşynyň ilerlemeginde esasy şertleriň birine öwrüldi. Türkmenistan ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, ekologiýa meselelerini çözmekde ählumumy tagallalaryň zerurdygyny öňe sürüp gelýär. Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygy, howanyň maýlamagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan dürli hadysalaryň öňüni almak, tebigatyň biodürlüligini gorap saklamak babatdaky başlangyçlary bütin dünýäde giň goldawa eýe boldy. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr.

Daşky gurşawy goramak, Araly halas etmek, Hazaryň biodürlüligini gorap saklamak we bu deňzi özara dostlugyň, parahatçylygyň deňzine öwürmek, ykdysady mümkinçiliklerini deňhukukly peýdalanmak, Hazaryň geografik taýdan amatly şertlerini peýdalanmak ýaly ençeme umumadamzat ähmiýetli meselelerde-de Türkmenistanyň başlangyçlarynyň we durmuşa geçirýän işleriniň ähmiýeti uludyr. Howanyň maýlamagyna garşy milli strategiýanyň rejelenen görnüşiniň täzeden kabul edilmegi, onuň çäklerinde «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek, bag nahallaryny oturtmak, önümçilikde innowasiýalaryň ekologiýanyň talaplaryna laýyk gelýän usullaryny ulanmak babatda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler hem ata Watanymyzyň bu ugurda amal eden nusgalyk işleridir.

Akmaral WELIÝEWA.
Beýleki habarlar