Sünnäli senediň senetkäri

9 Ýanwar 2021
1769

— Men Çary agany indi on ýyla golaý wagt bäri tanaýan. Welaýatymyzda islendik adamdan saz guralyny ýasaýan ussany sorasaň, olaryň ählisi biragyzdan Çary agany salgy berer. Adamlaryň onuň ýasaýan saz gurallaryna bolan islegi ýokary. Ýiti zehin, yhlas siňdirilip ýasalýan saz gurallary welaýatymyzyň çäginde, şeýle-de ýurt derejesinde bellenilýän toýdur baýramlary şirin mukamlar bilen bezeýär — diýip, Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary» gazetiniň fotosuratçysy Merdan Orazow gürrüň berdi. Merdan aga mamla.

Milli saz gurallarymyzy ýasamakdan döwlet tapanlaryň biri, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň Çagalar sungat mekdebiniň saz gurallaryny bejeriji ussasy bolup zähmet çekýän Çary Gutlyýew indi ýedinji onlugy tegeläp, sekizinjä gadam basypdyr. Ussa ýigrimi bäş ýaşyndan bäri saz gurallaryny ýasamak bilen meşgullanýar. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, kakasy Gutly aganyň asylly kärini dowam etdirýän on dört doganyň körpesi bolan Çary agada saz gurallaryny ýasamak höwesi çagalykdan döräpdir. Onuň bu ugurda kämilleşmeginde doganlarynyň hyzmaty örän uly bolupdyr. Ol Saýat etrabynyň 1-nji orta mekdebinde okaýan uçurlary boş wagtlary eline tut agajynyň bölegini alyp, ony ýonup hem özboluşly bir şekil ýasap, ejesi Rozygül gelnejä görkezip begenerdi. Ene oglunyň bu höwesi hakda ýanýoldaşyna gürrüň berýär. Şeýde-şeýde, uly doganlarynyň kömegi bilen saz gurallaryny ýasamaga höwesli Çarynyň çagalyk arzuwlary geljekki ykbalyna öwrülýär.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar