Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

8 Ýanwar 2021
1533

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly ýurduň ýolbaşçy düzümine täze ýyl mynasybetli gutlaglaryny we arzuwlaryny mälim etdi.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar