Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: döwletara gatnaşyklar pugtalandyrylýar

8 Ýanwar 2021
1602

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Diplomat ynanç hatyny gowşuryp, milli Liderimizi we ýurdumyzyň ähli halkyny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýyl bilen gutlady, döwlet Baştutanymyza Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň hoşniýetli arzuwlaryny, gutlag sözlerini ýetirdi.

Ilçi Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen öz ýurdunyň umumy maksatlara we bähbitlere gabat gelýän döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar