Gatnaşyklar berkidilýär

8 Ýanwar 2021
1601

Şu hepdäniň çarşenbe güni Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFC) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol syýasatyň möhüm orunlarynyň biri Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen köptaraply gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar