Parahatçylyk we hyzmatdaşlyk syýasatynyň dabaralanmagy

8 Ýanwar 2021
1501

Milli Liderimiziň ulag-logistika ulgamyndaky başlangyçlary üstünlige beslenýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynda çykyş edip: «Halkara ulag ulgamynyň ornuny işjeňleşdirmek döwletleriň we sebitleriň ulag-üstaşyr akymlaryna goşulyşmagy arkaly ykdysady ösüşi höweslendirmäge, olaryň arasyndaky ösüş derejesindäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. XXI asyrda Milletler Bileleşiginiň möhüm wezipeleriniň çözgüdine gönükdirilen döwrebap ulag düzümini döretmek ýörelgeleri tutuş dünýäde millionlarça adamlaryň hyzmatyna, dünýäniň tebigy serişdeleriniň saklanylmagyna we artdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa adamzadyň häzirki döwürde alyp barýan işiniň halkara strategiýasy bolup durýar» diýip belledi.

Jumanazar GARAJAÝEW,
«Aşgabat» gazetiniň syýasy synçysy.
Beýleki habarlar