Sebit syýasaty

8 Ýanwar 2021
1820

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň halkara abraýy barha beýgelýär. Türkmenistan 149 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar, şeýle-de 50-ä golaý halkara guramanyň agzasydyr. Hususan-da, soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy bilen hem gatnaşyklarymyz täze derejelere galdy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda ýerleşýän edara binasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Maslahata milli we Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de onlaýn arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň žurnalistleri gatnaşdylar. Metbugat maslahatynda merkeziň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemleri seljerildi, şeýle-de parahatçylygyň we ynanyşmagyň dabaralanýan ýylynda öňde duran wezipeler barada gürrüň edildi.

Aýbölek ABDYRASULOWA,
«Watan».
Beýleki habarlar