Abadan durmuşyň binýady

7 Ýanwar 2021
1774

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza Täze ýyl Gutlagynda bellenilişi ýaly, «Ýurdumyz döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär». Eziz Diýarymyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen çuň manyly ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyny dabaralandyrýar. Bu gün obalarymyz, şäherçelerimiz, şäherlerimiz täze, döwrebap keşbe girýär, ýurdumyzyň sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berilýän häzirki zaman önümçilik kärhanalarynyň — iri zawoddyr fabrikleriň hatary giňeýär, ilatyň ýokary amatlykly şertlerde zähmet çekmegine şert döredýän täze iş orunlary emele gelýär, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda ýokary görkezijiler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyny we ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Tamamlanan ýylda ýurdumyzyň çar künjeginde ajaýyp desgalaryň ençemesiniň gurlup, ilatyň hyzmatyna berlendigini nygtamak has-da ýakymlydyr. Ildeşlerimiziň sagdynlygyna, bagtyýarlygyna, ýokary derejeli dynç alşyna gönükdirilen şeýle desgalaryň hatarynda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň çägindäki, «Altyn kölüň» kenaryndaky dynç alyş düzümine degişli döwrebap desgalar toplumyny, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Bagabat» şypahanasyny agzamak bolar. Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi bolsa, ildeşlerimize ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmagyň ýolunda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Hanmuhammet AMANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar