Aýdyň maksatly beýik işler

7 Ýanwar 2021
1552

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly uly ruhubelentlik hem-de zähmet joşguny bilen garşylandy. Ýylyň adynyň çuňňur many-mazmuna eýe bolmagy onuň syýasy jähetden ähmiýetini artdyrýar. Bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama gabat gelýändigini aýdyň görkezýär. Ýylyň mynasyp atlandyrylmagy öňde duran belent maksatlara ýetmäge uly mümkinçilik berýär. Ykdysady taýdan gülläp ösýän ýurdumyzda belent maksatlar amal edilip, senagatlaşdyrmak işi ýokary depgine eýe bolýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter gowulandyrmak baradaky tagallalar birjik-de ünsden düşmeýär. Ykdysady-durmuş maksatly binalar yzygiderli gurulýar. Ýylyň ýyldan zyýada gelşi ýaly, bu döwletli ýylda hem döwletli tutumlarymyz uly üstünliklere beslener.

Hormatly Prezidentimiz halkymyza iberen Täze ýyl gutlagynda bu barada şeýle belleýär: “Biz dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, yhlasly zähmetimiz bilen 2020-nji ýylda hem ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegini gazandyk, il-ýurt bähbitli döwletli işlere badalga berdik. Köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurup, ulanmaga berdik. Müňlerçe bagtyýar maşgala jaý toýlaryny toýlady. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş we önümçilik maksatly müňlerçe desganyň gurluşygy depginli dowam edýär”.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar