Ykdysady kuwwat — geljege binýat

6 Ýanwar 2021
1977

Bilşimiz ýaly, ylmyň ösmegi, onuň iň täze gazananlarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döredýär. Häzirki wagtda sanly ulgam ýaşaýşymyza şeýle bir ornaşdy welin, durmuşymyzy ol bolmazdan göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Internet arkaly dürli harytlary oturan ýerimizde sargap getirtmek ýa-da dürli söwda işlerini alyp barmak, gündelik neşirler bilen tanyş bolmak, kitaphanadan islän kitabymyzy alyp okamak, ulag menzillerine gitmezden petek almak... bularyň ählisi wagtymyzy tygşytlamak bilen birlikde maddy ýagdaýymyza-da oňaýly täsirini ýetirýär. Her bir adamyň durmuşynda sanardan köp ýeňillikleri döredýän sanly ulgamyň ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy döwletimiziň ösüşini ýokarlandyrmakda, şonuň bilen baglylykda hem halkyň durmuşynda ençeme ýeňillikleriň döremeginde möhüm ähmiýete eýedir.

2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başlanmagy bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barylýan işler has-da rowaçlanýar. Şeýle ähmiýetli işleriň hatarynda «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» görkezmek bolar. Üç tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulan bu resminama ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda we şonuň netijesinde ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerini gazanmakda ähmiýetli orny eýeleýär.

Tagangül SEÝITMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar