Gurýan döwlet gurpludyr

6 Ýanwar 2021
1454

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly başlandy. Ýylyň şygaryndan, şeýle hem ilkinji günlerden meseleleriň çözgüdine berk ynam bilen çemeleşilip başlanyşyndan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda öňki ösüşlere itergi berjek giň gerimli işler ýene-de täze güýç bilen ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz täze — 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz halkara ähmiýetli taslamalaryň, şol sanda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, şonuň bilen birlikde-de bu ýurda Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini köpeltmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy, bu boýunça möhüm tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan halkara taslamalarynyň möhümdigini we geljeginiň uludygyny aýratyn nygtady. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasyna degişli ugurlarda ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalar, şol sanda welaýatymyzda «Malaý» gaz ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina — Andhoý demirýol şahasy, Ymamnazar — Akina halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçirijisi, Mary welaýatynda Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy mysal getirildi. Mälim bolşy ýaly, Ymamnazar — Akina halkara, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny hem-de üstaşyr ulgamlary gurmak boýunça gyzgalaňly işler alnyp barylýar. Şol işler Owganystanyň aragatnaşyk kompaniýasy bilen bilelikde halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ýene-de birini çekmäge hem-de olaryň halkalaýyn ulgam boýunça işini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar