Azyk önümleriniň bolçulygy

6 Ýanwar 2021
1764

Ýurdumyzy 2019 ― 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, milli ykdysadyýetiň eksport mümkinçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagyny işjeňleşdirmek barada aýratyn bellenilýär. Önümçiligiň ähli serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmagyň ýollaryny gözlemek işi umumy ykdysady zerurlyk bolup durýar. Şonuň üçin ýurdumyzda alnyp barylýan innowasion syýasat oba hojalygynyň ykdysadyýetini has ýokary depgin bilen ösdürmek, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ýaly wajyp meseleleriň düýpli çözgüdidir. Ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegi Diýarymyzyň ykdysady depgininiň gün-günden ýokarlanmagyna, diwersifikasiýa ýoly arkaly pudaklaryň işiniň sazlaşykly kämilleşmegine getirýär.

Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli ýerinde özümizde öndürilýän gök-bakja, miwe önümleri bilen doldurylan ak bazarlaryň, söwda merkezleriniň döwrebap hyzmatlarynyň netijesinde halkymyzyň azyk önümlerine bolan islegi doly kanagatlandyrylýar. Güneşli Diýarymyzda hyzmat ediş, oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmek ulgamlarynda hususy telekeçilik-de sazlaşykly ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet goldawynyň gerimini giňeltmek, milli ykdysadyýetiň hususyýetçilik böleginiň netijeliligini artdyrmak üçin oňaýly şertler döredilýär. Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyny üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen halkymyzyň bereketli saçaklarynda azyk bolçulygynyň döredilmegi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen çalt depginlerde ösmeginde türkmen telekeçileriniň aýratyn paýy bardyr. Olar bazar bolçulygyny döretmek işine saldamly goşant goşýarlar. Bu biziň etrabymyzyň mysalynda hem şeýledir. Etrabymyzyň telekeçileri ykdysadyýetdäki täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň üstünlikli ornaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar.

Saýýara JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar