Ýantorbalar

6 Ýanwar 2021
1923

Milli nagyşlar bilen bezelen ýantorbalar ony göterýän zenanlaryň görküne-görk goşýar. Berkligi, gözelligi bilen tapawutlanýan ýantorbalar dokmaçylyk önümleriniň hataryna girýär. Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy, eli çeper Akjemal Abdyrahmanowa ýantorbalary dokamagyň usullary barada şeýle gürrüň berdi:

— Ýantorbalar çitme, palas, kilim görnüşlerinde we kakma usulynda ýerine ýetirilýär. Palas ýantorbalar öýdüm bilen çitilýär. Şeýle ýantorbalara «buýnuzy», «bossany», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar salynýar. Haly ýantorbalary dokamagyň tärleri köpdürli bolýar. Onuň sütüklerini emele getirmek üçin dokmaçylar iki görnüşli ýara we düwe çitimleri peýdalanýarlar.

Beýleki habarlar