Dakar Rallisine badalga berildi

6 Ýanwar 2021
1450

Dünýäniň iň kynçylykly awtoulag ýaryşy hasaplanýan Dakar Rallisi 3-nji ýanwarda badalga aldy. Saud Arabystany döwletinde geçirilýän ýaryşlara jemi 322 sürüji gatnaşýar.

Şol sürüjileriň 67-si ýeňil ulag sürüjisi, 108-si motosikl sürüjisi, 44-si ýük ulagy sürüjileridir. Şeýle-de, 21 kwadrasiklçi hem-de 58 UTV görnüşli ulaglaryň sürüjileri-de 43-nji Dakar Rallisinde çykyş edýär. Ýaryşlar jemi 12 tapgyr bolup, ol 14 günde başlanan ýeri Jidda şäherinde 15-nji ýanwarda tamamlanar.

Beýleki habarlar