Abadan ýaşaýşyň binýady

6 Ýanwar 2021
1698

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Forumda eden çuň manyly çykyşynda milli Liderimiz oňyn Bitaraplyk ýörelgesini esas edinýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ýetilen ägirt uly sepgitler barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji mejlisinde ileri tutýan garaýyşlaryny ýene bir ýola dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirdi we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň netijeli boljakdygyny nygtady. Şunda türkmen Bitaraplygynyň milli we sebit howpsuzlygyny üpjün etmekdäki goşandy aýratyn bellärliklidir.

Geçen çärýek asyrlyk tejribe Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň milli, sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm guralyna öwrülendigini aýdyň görkezdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şol wagtky agza döwletleriniň ählisiniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistan daşary syýasatda oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy we onuň parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk hem-de özygtyýarlylygyna we çäk bitewüligine hormat goýmak, halkara harby guramalara hem-de şertnamalara gatnaşmazlyk ýaly ýörelgeleri onuň esasy hökmünde kesgitledi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär» diýmek bilen, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň talaplaryna laýyk gelýän Harby doktrinamyzdan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Amanmyrat HOJATEKÄÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar