Watanymyz — dost-doganlygyň ýurdy

5 Ýanwar 2021
1485

Türkmenistan Watanymyz sebitde syýasy durnuklylygy saklamak we oňa goldaw bermek, hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşydyr. Munuň özi Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak hakyndaky halkara bileleşiginiň çözgüdinde tassyklanyldy.

Ýurdumyz BMG bilen strategik häsiýete eýe bolan köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berip, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit we dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen asylly ýörelgeleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň daşary syýasat işiniň üstünliklere beslenmegini şertlendirdi. Ýurdumyzda milli sebit we halkara ähmiýetli hem-de halklaryň ýakynlaşmagyny, özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegini we onuň ugurlarynyň giňeldilmegini şertlendirýän iri düzümleýin taslamalar amala aşyrylýar.

Oguldürli TAGANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar