Ýanlyk

5 Ýanwar 2021
1793

Halkymyzyň geçmiş taryhyna ser salanyňda, diňe bir ekerançylyk, maldarçylyk önümlerini öndürmek bilen çäklenmän, eýsem olary gaýtadan işlemegiň kämil usullaryny hem döredendigini görmek bolýar. Dänesi ýagly önümleri gaýtadan işlemekde ulanylýan juwazlar, nah, ýüpek, pagta süýümini gaýtadan işlemekde ulanylýan taralar öz döwrüniň kämil enjamlary hökmünde tä soňky döwürlere çenli köpçülikleýin ulanylyp gelindi. Ýeri gelende aýdylsa, seýrek ýagdaýlarda bolsa-da, olar halkymyzyň milli mirasynyň gymmatlyklary hökmünde häzirki döwürde hem saklanylýar.

Süýdi gaýtadan işlemekde hem kämil usullar döredi. Şonuň netijesinde süýtden mesge, dorog, gurt, gymyz, agaran, süzme, çekize, garagurt ýaly onlarça görnüşli süýt önümleri öndürilýär.

Laçyn PALTAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar