Zehiniň, paýhasyň nusgasy

5 Dekabr 2024
211

Täze eser — täze dost. Her bir täze kitap kämilligi nazarlaýan ynsanlaryň dünýäsini baýlaşdyrjak, nurlandyrjak ruhy güýjüň eýesi. Kitaby eline alan her bir kitapsöýer muşdagyň onuň bilen derrew ýakyndan tanyş bolasy gelýär. Onuň many-mazmuny barada ugrukdyryjy gysgajyk beýanaty isleýär.

Hut şonuň üçin hem şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy her bir edara-kärhanalarda diýen ýaly uly şatlyk bilen geçirilýär. Eline düşen kitaby il arasynda aýdylyşy ýaly,  «bir demde okap çykmaga ukyply» okyjylaryň pikirleri we dünýägaraýşy hormat bilen diňlenilýär.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.
Beýleki habarlar