Türkmenistan — Türkiýe: köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

4 Ýanwar 2021
1603

1-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiziň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de berk jan saglyk, bagt, türkmen we türk halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler. Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin doganlyk döwletdigini nygtady. Bu döwlet bilen özara gatnaşyklara uzak möhletli, strategik häsiýet mahsusdyr.

"Nesil".
Beýleki habarlar